Çyn bedewler meýdanynda bellidir
66 Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Setdarymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. Ýyllar biri-birinden owadan, biri-birinden zyýada gelýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Bu şygar — geçmişiň mirasy, şu günüň dabarasy we geljegiň aýdyň maksatlarynyň sazlaşykly jemidir.Ýylyň şygary hem-de 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli mekdebimizde hereket edýän “Miras” gurnagy we ýaş alymlar geňeşi bilen bilelikde türkmen bedewiniň ýyndamlygyny, gözelligini synlamak, duýmak üçin Daşoguz atçylyk sport toplumyna gezelenç gurnaldy. Bu toplumda türkmen bedewleriniň gözelligini, ýyndamlygyny, akyllylygyny, wepalylygyny, altyn-kümüş öwüşgin atýan reňki gün şöhlesi bilen birleşende, türkmen sahrasynyň hakyky göwherine öwrülýändigini gördüler.
Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň abadan durmuşda, bagtyýarlygyň goýnunda ýaşamaklary üçin ýadawsyz aladalar edýän, türkmen ýaşlaryna okamaga, bilim, hünär almaga, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrürleri uzak bolsun! “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany” ýylynda halkymyzyň hem-de döwletimiziň bähbitlerini nazarlaýan tutumly işleri mydama rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!
Güljahan ILAMANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky
Daşoguz lukmançylyk orta okuw
mekdebiniň mugallymy