AT AGYNAN ÝERDE TOÝ BOLAR
78 Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebimizde bilim alýan I ýyl talyp ýaşlaryň arasynda “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Bedew batly at myradyň mekany” ýylyň şygary mynasybetli “At agynan ýerde toý bolar” atly ahalteke bedewlerini wasp edýän wideoşekil taýýarlamak we nutuk ýazmak bäsleşigi geçirildi.Lukmançylyk orta okuw mekdebimizde hereket edýän “Miras” gurnagynyň, Ýaş alymlar geňeşiniň we mekdebiň Ilkinji Ýaşlar gurmasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşi bilen bilelikde guramagyndaky bu bäsleşik mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň arasynda Ahalteke bedewleri barada gymmatly maglumatlar toplamaga we öwrenmäge höwes döretdi. Şeýle hem taryhda we häzirki döwürde bedew ata goýulýan hormatyň müdimidigine we öçmejek yz galdyrandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdiler.
Bäsleşikde talyplar özleriniň taýýarlan nutuklaryny wideoşekilleri görkezip wasp etdiler. Örän çekeleşikli ýagdaýda geçen bu bäsleşikde emin agzalarynyň baha bermeginde I orna mekdebimiziň I ýyl talyplary Leýli Ýagşygeldiýewa, II orna Amirhan Ruslanbekow, III orna Daýanç Esenow dagylar, şeýle hem höweslendiriji baýraklara: mekdebimiziň I ýyl talyplary Merýem Myradowa, Yhlas Haljyýew, Geldimyrat Amangeldiýew, Ogulsuraý Gutlyýewa, Nurana Ataýewa, Bossan Şyhnyýazowa, Jemşit Meredow dagylar mynasyp boldular. Ýeňijilere mekdebiň ýolbaşçylygynyň we mekdebiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Jeren WELLEKOWA
Gurbansoltan eje adyndakyDaşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
mugallymy