Sport — Sagdynlygyň we gözelligiň gözbaşy
86 Bahar paslynyň gelmegi we Halkara zenanlar gününiň golaýlamagy bilen, welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu geçirilen sport ýaryşlary talyp gyzlaryň arasynda uly joşgun döretdi.Bu ýaryşlarda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp gyzlary özleriniň çalasynlygy, zehini we sporta bolan höwesi bilen aýratyn tapawutlandylar.
Talyp gyzlar sportuň şu aşakdaky görnüşleri boýunça güýç synanyşdylar:
Woleýbol: Lukmançylyk mekdebimiziň woleýbol topary agzybirlik we taktiki taýýarlyk görkezip, çekeleşikli oýunlary geçirdiler.
Küşt we Şaska: Akyl sportunda gyzlarymyz durnuklylygy we çuňňur pikirlenmek ukybyny görkezip, her bir göçümde öz üstünliklerini berkitdiler.
Stoluň üstünde oýnalýan tennis: Çalasynlyk we tiz reaksiýa talap edýän bu görnüşde talyp gyzlarymyz tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Gelejekki ak halatly lukmanlar hökmünde, biziň talyp gyzlarymyz diňe bir nazary bilimler bilen çäklenmän, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesini hem iş ýüzünde görkezýärler.
Sport bilen meşgullanmak — bu diňe bir ýaryş däl-de, eýsem ruhy belentligiň we bedene sagdynlygyň kepilidir. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän bu ýaryşlar gyzlaryň arasynda dostlugy we agzybirligi has-da berkidýär.
Geçirilen sport ýaryşlary talyp gyzlaryň diňe bir öz hünärine däl, eýsem sportuň dürli görnüşlerine hem uly gyzyklanma bildirýändigini subut etdi. Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebimiziň adyna mynasyp derejede çykyş etdiler.
Biziň talyp gyzlarymyzy we ähli zenanlarymyzy ýetip gelýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Şöhrat ZAKIRJANOW
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
bedenterbiýe mugallymy