Belent maksatlar rowaçlanýar
69 Halk bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde, ýurdumyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar amal edilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna ruhubelentlik bilen barýarys.Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, täze binalaryň gurluşygynyň üstünlikli alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obany, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasyny, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny ulanmaga bereris. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen beýik işler çuňňur many-mazmuna eýedir. Şeýle ajaýyp binalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna sowgat bolar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Garaşsyz Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar, täze üstünlikler röwşen geljege ynam döredýär. Şunda halk hakynda edilýän aladalar, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden görnüşi ýaly, şu ýyl bilim ulgamyna degişli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar. Bu bolsa ähli bilim işgärleri, ýurdumyzyň ýaşlary üçin täze mümkinçilikdir. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, raýatlaryň döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar ýaşlaryň bilimleri özleşdirýändikleri bellenilmelidir. Bu aýdyň netijeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýar. Çünki ýaşlaryň bilim öwrenmekleri we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ösüşleriň dowamlydygyndan habar berýär. Häzirki ýaşlarymyz giň dünýägaraýyşlydyr, olar ösen tehnologiýalara, döwrebap mümkinçiliklere örän oňat düşünýärler.
Ýurdumyzda bilim ojaklarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi kämil hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi hünärmenleri taýýarlamakda döwrebap usullary ýola goýar, täze tehnologiýalaryň öwredilişi, bilim bermegiň iň kämil usullarynyň ýola goýluşy bilen bagly işleriň ösdürilmegine ýardam eder.
Bularyň ählisi geljek nesillerimiziň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik işlerdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge, beýik ösüşlere goşant goşmaga giň mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär.
Berkarar ýurdumyzyň ösüşinde ylym-bilim uly orun eýeleýär. Ylmy esasda ýola goýulýan beýik işleriň aýdyň netije berýändigini, täze üstünliklere binýat bolýandygyny gazanylan üstünlikler hem beýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan, ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler röwşen geljegimiz bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin bilim ulgamynda has kämil usullar we iň täze tehnikalardyr tehnologiýalar özleşdirilýär. Häzirki wagtda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde biz — bilim işgärleri dünýä tejribesini, innowasion tehnologiýalary işjeň ulanýarys. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa watansöýüji ýaşlary, kämil hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ugur bolup durýar.
Güljemal EMINOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/11/articles/227893