Beýik ösüşleriň şuglasy
64 Häzirki bedew batly ösüşleriň we baky bagtyýarlygyň eýýamynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halk bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde belent binalar gurulýar, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Bu beýik binalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna barýan ýurdumyzda ildeşlerimiziň her birini buýsandyrýar. Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşlere beslenýän eýýam bolup, biziň her birimiziň ak bagtymyzdyr. Halkymyzyň ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda şäherleriň abadanlaşdyrylmagy we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmegi halk bähbitli işleriň nusgasydyr. Şunda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine täzeçil çemeleşmeleriň bardygyny, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ösdürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri bolsa döwrebap ösüşlerden aýdyň mysaldyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uzak möhletleýin ösüşi nazara alyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sanly ulgamyň ösüşi üpjün edilýär, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi döwrüň bedew batly öňe barýandygyny alamatlandyryp, durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini beýan edýär. Şonuň ýaly-da, munuň özi ýurdumyzyň häzirki ösüşini we halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeniýetini dünýä ýaýýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbitlerini, ýurdumyzyň ösüşlerini nazarlaýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu bolsa agzybir halkymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki at-abraýyny ýene-de bir mertebe ýokary galdyran şanly waka boldy. Şeýlelikde, bedew batly ösüşlerimiz hem-de dünýä derejesinde gazanylýan üstünlikler milli medeniýetimiziň ösüşleri bilen sazlaşýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde eziz Diýarymyz bedew batly ösüşleriň mekanyna, asudalygyň, bagtyýarlygyň dünýäde ykrar edilen ýurduna öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şanly wakalary bilen taryhymyza girer.
Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy toýlanar. Şu ajaýyp şanly senä ýurdumyz beýik ösüşleri, halkymyzyň gazanýan üstünlikleri bilen barýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ýollar, desgalar, binalar gurlup ulanmaga berler. Hormatly Prezidentimiz 13-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşynda şeýle belledi: «Şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obany, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasyny, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny ulanmaga bereris. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halk bähbitli desgalar biziň her birimiz üçin toý sowgady bolar. Şeýle beýik işlere buýsanmak, waspyny ýetirmek her birimiz üçin bagtdyr. Hut şu nukdaýnazardan, bilim işgärleri dürli wagyz-nesihat çärelere, maslahatlara yzygider gatnaşyp, bu beýik işleriň waspyny ýetirýärler. Şeýle ajaýyp döwürde eziz Watanymyzyň ösüşlerine buýsanyp, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeleýäris. Bize şeýle bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Çynar GAZAKOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/11/articles/227697