“AKYL GIŇIŞLIGI” ATLY INTELLEKTUAL BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

76 Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramagynda welaýatymyzyň ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda täzeçil pikirlenmäni we intellektual ukyplary ýüze çykarmak maksady bilen “Ýaşlar” merkezinde “Akyl giňişligi” atly bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşik diňe bir bilim synagy bolman, eýsem ýaşlaryň döredijilikli garaýyşlarynyň we çalt karar bermek ukyplarynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Bäsleşigiň esasy maksady — geljekki hünärmenleriň arasynda ylma we bilime bolan höwesi artdyrmak, olaryň özbaşdak pikirlenmek medeniýetini kämilleşdirmekden ybarat bolup, esasy logiki soraglardan ybarat boldy.
Bäsleşigiň dowamynda welaýatymyzyň ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary her bir soraga takyk we logiki taýdan esaslandyrylan jogaplary bermegi başardylar. Aýratyn-da, toparlaýyn işlemek we kyn ýagdaýlarda dogry karar bermek ukyby bäsleşigiň iň gyzykly pursatlaryna öwrüldi.
Bäsleşigiň netijelerine görä, Maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebi I orna, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi II orna mynasyp boldular hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. “Akyl giňişligi” talyplar üçin geljekki ylmy üstünlikleriň gözbaşy boldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýä Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler

Çynar GAZAKOWA
Gurbansoltan eje adyndaky
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19