Parahat Watanym galkynýar bu gün!
29Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli medeniýetimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyz Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak we öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeniýetini dünýä ýüzünde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna elýeterliligini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramyny şatlyk-şowhuna besläp toýlamak bilen baglanyşykly işler şu günler tutuş ýurdumyz boýunça barha giň gerime eýe bolýar. Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň agzybir mugallymlary we talyp ýaşlary hem bu işe mynasyp goşant goşmak ugrunda işleri yzygiderli durmuşa geçirýärler. Şeýle çäreleri yzygiderli geçirip durmakda mekdebiň “Miras” gurnagy mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Ynha bu gün hem, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna taýýarlygyň çäklerinde biziň Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň “Miras” gurnagynyň gurnamagynda “Parahat Watanym galkynýar bu gün!” diýen şygar bilen Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň 3 günlük göçme sergisi gurnaldy. Bu sergide mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary miras gymmatlyklary, halkymyzyň medeni mirasynyň umumyadamzat medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşýandygy hakynda köp maglumatlary öwrendiler. Mekdebimizde taryh derslerinde göçme sergä syýahat sapaklary geçirildi. Sapaklarda milliligimize, taryhy-medeni mirasymyzy goramaklyga, öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berilýändigi hakyna nygtalyp geçildi. Göçme sergä syýahat sapaklary mekdebimiziň talyplaryna uly täsir galdyrdy.
Güljahan ILAMANOWA
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
mugallymy