BITARAP ÝURT EZIZ DIÝAR, WATANYM SEN, JANYM SEN!

31
   2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 12-sine Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda talyp ýaşlaryň arasynda “Bitarap ýurt eziz diýar, Watanym sen, janym sen!” atly edebi söhbetdeşlik agşamy geçirildi. 
    Bu çärä mekdebimiziň mugallymlary Ilamanowa G, Atakulyýewa A., Aşyrow T. we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
  Mugallymlar özleriniň çykyşlarynda: 2025-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabaralar bilen bellenilip geçiriljekdigi has-da buýsandyrýar. Bu şanly baýramyň halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen utgaşyp gelmeginde aýratyn many bar. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleri çuň many-mazmuny özünde jemleýär. Parahatçylyk we ynanyşmak! Bu sözler – asuda ýaşaýşyň nyşany, baky bagtyýarlyk, ynsanlaryň hoşniýetli gatnaşyklary ýaly giň gerimli düşünjeleri özünde jemleýär. Sebäbi ilki bilen-ä ýurt parahat bolsa, soňam şol parahat ýurtda birek-birege çäksiz ynam, ynanyşmak bar bolsa, diýmek, ol ýerde bagtyýarlyk bardyr. Şol iki sözüň manysyny milli ýörelge edinen halkymyz baky bagtyýarlyga ýar boldy. 
   Watanymyzyň her bir güni şatlyga, şadyýanlyga beslenýär. Bu bagtly pursatlaryň özeninde bolsa hemişelik Bitaraplygymyz durýandyr. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň netijesinde baky bagtyýarlygymyzy döreden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys we halkymyzy parahatçylygyň, dostlugyň hem-de beýik ýeňişleriň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet  tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.


Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz 
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 
umumy ýaşaýyş jaýynyň terbiýeçisi: 
Şemşat TAGANDURDYÝEWA

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19