Mekdebimizde sport bäsleşigi geçirildi
1642024-nji ýylyň 18-nji oktýabr aýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen bilelikde mekdebiň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV spartakiada, şygar astynda sportuň “Woleýbol-ezberleriň oýny”, “Küşt-paýhas oýny” görnüşi boýunça geçirilen sport bäsleşigi geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň jemgyýetçilik guramalary, bedenterbiýe mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň “küşt we şaşka ” sport oyunlary geçirildi.
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň “Woleýbol” sport oyuny boýunça ýygyndy toparynyň görkezme çykyşlary guraldy.
Mekdebiň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV spartakiada, şygar astynda sportuň “Woleýbol-ezberleriň oýny”, “Küşt-paýhas oýny” görnüşi boýunça geçirilen sport bäsleşiginde 1-nji ýere eýe bolan talyplara, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Şöhrat ZAKIRJANOW
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
bedenterbiýe mugallymy