Magtymgulynyň şygyr bossany- ýaşlaryň ylham joşguny

255
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde  Zenanlar  guramasy Gündogaryň  beýik  akyldary  we  nusgawy  şahyry  Magtymguly Pyragynyň  doglan  gününiň  300 ýyllygy  mynasybetli ,,Magtymgulynyň  şygyr  bossany- ýaşlaryň  ylham  joşguny”  diýen edebi-sazly agşam geçirildi. Mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen agşamda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Talyp ýaşlar dana Pyragynyň ýaşlyk ýyllary barada gürrüň berýän sahnany görkezdiler. Bu sahnada şahyryň Hywanyň Şirgazy medresesinde okan döwri şahyrana setirler arkaly suratlandyryldy. Şeýle-de bu ýerde şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylarynyň sergisi guralyp, onuň sözlerine döredilen aýdymlar ýaňlandy.


Mekdebiň  Zenanlar  guramasynyň
ýolbaşçysy  Ýazgül JOŞOWA


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz ş., Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 17.
Dashoguz c., 10 years of independence street, 17.
г.Дашогуз, ул.Гарашсызлыгын 10 йыллыгы, 17.

Telefon belgiler:
+993 (322) 2-21-19